Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şu gezekki duşuşygyň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi.

Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýulan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi, diňe umumy tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek işinde häzirki döwriň talaplaryna hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin bähbitlerine kybap gelýän oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.