Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.

Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. 

Soňra kabul edilmegi meýilleşdirilýän, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalarynyň ýardam bermeginde, Ýaşlar guramalarynyň halkara komiteti hem-de Çagalaryň we ýaşlaryň işleri boýunça esasy toparyň awtordaşlygynda, deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy.

Bu Jarnama DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze Hereketler maksatnamasynyň wezipelerini hem-de maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip, ýaşlaryň has gowy geljek babatda garaýyşlaryny beýan edýär.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýaşlary bu forumy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ulanmaga çagyrdy.

Soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang BMG-niň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň ýokary hilli bilime, tehnologiýalara we mynasyp iş orunlaryna elýeterliligini, şeýle hem ähli derejelerde çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we bilelikde has röwşen geljegi gurup boljakdygyna ynam bildirdi.

Forumyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasyny gowşurdy.

forum «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlis bilen dowam etdi. Çykyş edenler häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň eýeleýän esasy ornuna ünsi çekdiler. Şoňa görä-de, ýaşlaryň döwrebap bilim almaga hukuklaryny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek inklýuziw ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar.

Çykyş edenler ýaş telekeçilerin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamlary we ekologiýa taýdan arassa önümler ýaly durnukly tehnologiýalary döretmäge gönükdirilen startaplary işläp taýýarlaýandyklaryny we durmuşa geçirýändikerini bellediler.

Şeýlelikde, DÇBÖBD-niň geljegi bilen baglylykda, ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi inklýuziw ösüşi gazanmagyň möhüm strategiýasy bolup durýar. Ýaşlaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy, bilime elýeterliligiň üpjün edilmegi we telekeçiligiň goldanylmagy durnukly geljek üçin zerur şertleri döreder.

Şeýle hem forumyň dowamynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrdylar.