img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Serhet howpsuzlygy boýunça Bütindüýä kongresi geçirilýär.

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresi öz işine başlady.

Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Maslahatyň barşynda agzalan ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebit taslamasynyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek hem-de serhetleri dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwelik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahat öz işini 17-nji aprele çenli dowam eder.