SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörä...
AŞGABATDA STATISTIKI MÜMKINÇILIKLERI BERKITMEGIŇ WE MILLI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ UGURLARY BOÝUNÇA HASABATLARY HÖDÜRLEMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
17-nji sentýabrda statistiki mümkinçilikleriň berkidilmegi hem-de milli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şeýle-de Durmuş-ykdysady meýilnama we Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hasabatlary hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mejlis geçirildi. Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Gün tertibi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«C5+1» GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYKDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi. Taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzly...
TÜRKMENISTANYŇ WE GFR-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulan...
ŽENEWADA OWGANYSTANDAKY YNSANPERWERLIK MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRLER DEREJESINDE MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY AÝLAG HYZMATDAŞLYK GEŇEŞI BILEN ÖZARAGATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda, taraplaryň bar bola...