SOŇKY HABARLAR
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 25-26-njн awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanyna Pakistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny ýetirmek bilen, Şah Mahmud Kureşi Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge pakistan...
TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär. Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ IKITARAPLAÝYN DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine ýollan salamyny we çuňňur hormatyny beýan etdi. Häzirki döwrüň derw...
TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA: SEBITLEÝIN ÖZARABAGLANYŞYK. HOWPLAR WE MÜMKINÇILIKLER” ATLY HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit gurama...
DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 15-nji iýulda Daşkentde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad gatnaşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunu...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatl...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 15-nji iýulda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň meselelerine jikme-jik seredip geçdiler. Iki ýurduň köpugurly düzümleriň çäklerindäki başlan...