TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
PLENAR MEJLISDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly «Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça mejlis geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy go...
«MULTIMODAL ULAG GEÇELGELERINIŇ WE YGTYBARLY INFRASTRUKTURANYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞERTI HÖKMÜNDE»
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we inforamtika institutynda «Multimodal ulag geçelgeleriniň we ygtybarly infrastrukturanyň kämilleşdirilmegi durnukly ösüşiň şerti hökmünde» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi Çärede dünýädäki häzirki ýagdaýlarda aýratyn möhüm bolup durýan ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA GEÇIRILEN MEJLISIŇ DOWAMYNDA ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Häzirki zaman şertlerinde energetika diplomatiýasynyň ählumumy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek” atly plenar mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow, Türkmen...
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINDE“DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY GURMAK IŞINE DÖWLETLERIŇ WE HALKARA GURAMALARYNYŇ GOŞANDY” ATLY MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Dünýäde parahatçylygy gurmak işine döwletleriň we halkara guramalarynyň goşandy” atly plenar mejlis geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Ese...
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJESI - AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti" atly Halkara maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşylan bu ägirt uly waka, Türkmenis...
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...