TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN LIDERI WE BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen gutlady. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm u...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ABU-DABINIŇ MIRASDÜŞER ŞAZADASYNYŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK
2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglygyny, bagt, şeýle hem ähli başlangyçlarynda we Özbegistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler ar...
TELEFON ARKALY SÖHBETEŞLIGIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN-BRITAN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...
TÜRKMEN-EMIRAT GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer...
TÜRKMENISTAN BILEN BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykla...
TÜRKMENISTANA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ SYNÇYSY DEREJESI BERILDI
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda...