TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mirwaýs Nab bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly pugta...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereket...
TÜRKMENISTAN WE ÝTÖB KÖPTARAPLAÝYN ÖZARAHEREKETLERIŇ PUGTALANDYRYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara, şeýle hem ÝTÖB-n...
TÜRKMEN-GERMAN ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň degişli düzümleriniň, daşary döw...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BA TARAPYNDAN KARARNAMANYŇ WE BMG-NIŇ BA-NYŇ 73-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BIRINJI HYF-NYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYK ETMEGIŇ BEÝANNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaral...
KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin dö...