TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärele...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN EKOLOGIK MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamyndaky meseleleriň g...
BAKUDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň barşynda türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyçlary, şeýl...
ALTYN ASYR KÖLI – SEBIT ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLER
2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde brifing geçirildi. Bu çäre «Altyn Asyr» Türkmen kölüni jemgyýetçilige tanatmak, onuň tebigaty goramak we Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýetini giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen guraldy. Brifinge ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanda akkreditirilenen diplomatik gullugy...
TÜRKMEN KÖLÜNIŇ GOLAÝYNDA TÄZE DURMUŞ-ÖNÜMÇILIK TOPLUMYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim ädildi. Bu «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolup durýandyr. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ýadygärlik ýazgysyny goýdy we ol kapsula ýerleşdirildi, bu bolsa täze toplumyň desgalarynyň biriniň binýadyna goýuldy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we...
TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu ýokary okuw jaýynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan “Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi” atly tegelek stol gurnady. Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetle...
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri geçirildi, olara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenko tarapyndan başlyklyk edilýän wekiliýet ýurdumyza geldi. Günüň birinji ýarymynda myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-rus gatnaşyklaryna...