TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ MEJLISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk ministriniň orunbasary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy W.W.Grakun,...
«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy. «Arkalaşygyň Ýyldyzlar...
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ ХIV FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlisleriniň we...
ASTRAHANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler. Birifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, ulag...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Hormatly myhmanlar! Gadyrly dostlar! Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çä...
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK
2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynd...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumyny hem-de...