TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ABŞ-DEN GELEN BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA GEÇIRILEN STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça geçirilen okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýadak...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilme...
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA GUTLAG KITABY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir. Şu gün Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar. Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bil...
Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy sport çärelerini geçirdi
Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy futbol, stol üstünde oýnalýan tennis we uly tennis boýunça ýaryş geçirdi. Oňa talyplar, şol sanda biziň ýurdumyzdan Almatynyň ýokary okuw mekdeplerinde: Gazagystanyň Abaý adyndaky mugallymçylyk milli uniwersitetinde, şeýle hem GDYSI-da, tehnologiýa, Halk hojalygy, Süleýman Demirel adyndaky we beýleki uniwersitetlerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşikler ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy...
Türkmenistanyň Daşkentdäki diplomatik wekilhanasy kiçi futbol boýunça Kubok ugrunda ýaryş gurady
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň (DYDU) goldamagynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Ol ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy we 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy. Ýaryşa Ilçihananyň işgärleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem DYDU-nyň rektoratynyň wekilleri, mugallymlary we talyplar...