TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ILAT GAZNASYNYŇ ÄHLUMUMY HASABATYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ilat gaznasynyň “Saýlamak hukugynyň güýji: köpelmäge hukuklar we demografiýa çemeleşmesi” ady bilen Ählumumy hasabat - 2018-iň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar...
AŞGABATDA ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň aýratyn ünsi Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...
WENADA TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ 10 ÝYLLYGY BELLENILDI
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi. Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleri we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasynyň p...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär. Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ylham Alyýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy. Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň g...