TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BRÝUSSELDA TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler, daşary ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça federal döwlet gullugynyň ministri j-p Didýe Reýnders bilen duşuşygy boldy. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara bähbitli iki...
TÜRKMENISTAN WE ÝB HALKARA MESELELERINI WE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy. 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleş...
TÜRKMENISTANYŇ TEBIGATY GORAMAK JEMGYÝETINIŇ DÖREDILMEGINIŇ 50 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY
2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Aşhabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň (TTGJ) döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy maksady TTGJ-niň döredilmeginiň elli ýylynyň dowamynda gazananlary barada jemgyýetçilige habar bermekden, esasy ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşamakdan we jemgyýetçilik we halkara tebigaty goraýyş guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat...
INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK NUKDAÝNAZARLARYNA BAGYŞLANAN HALKARA SEMINAR
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Seminaryň işine Ylymlar akademiýasynyň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa ylmy-barlag institutynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw...
AŞGABATDA ARAGATNAŞYK WE MAGLUMATLAR BABATDA BILERMENLERIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistan ýurtda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...
TÄZE DÖWREDAP OBALARYNYŇ WE ÇEPER HALYÇYLYK KÄRHANASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy...