RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Mar

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sapar wagtynda özi üçin bellenilen paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna ugrady. Günüň birinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat n...

DOWAMY
pic
27 Mar

HALKARA SYNÇYLARY: SAÝLAWLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw t...

DOWAMY
pic
16 Mar

ABU-DABIDE ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-EMIRLIKLER GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.  Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ý...

DOWAMY
pic
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi.  Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen ha...

DOWAMY
pic
14 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.  Türkmenistanyň Prezidentini...

DOWAMY
pic
1 Mar

“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we d...

DOWAMY
pic
28 Few

TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...

DOWAMY