TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-EÝRAN GEPLEŞIKLERI
2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary j-p Ali Nurzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikirleri alşyp, taraplar Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek işindäki bilelikdäki tagallalar üçin minnetdarlygyny...
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...
Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi
2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen geldi
6-njy awgustda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen bardy.