TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞ WE SUW SERIŞDELERINI DOLANDYRMAK MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri bilen işleşýän Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini...
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASY (UNCTAD) HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary jenap Muhisa Kituýiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmen tarapy BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynda möhüm ugur bolmagynda galýandygyny belledi. Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) girmeklik işine başlamaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Türkmeni...
PRESS-RELIZ
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SAMARKANTDA HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Wengriýanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi, halkara guramalarynyň, ylaýta-da BMG, ÝHHG we ÝB ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlama bilen bellediler. Ikita...
DÖM BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARYNY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA OKUW MASLAHATYNY GURNADY
DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda açylan Durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) boýunça Ylmy-usulyýet merkezinde gurnalan birinji okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň demokratik, agrar, senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMG ÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň hünärmenleri bar. Bir hepd...
AWSTRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň “Society” atly guramasy bilen bilelikde gurnaldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülileýin habar beriş serişdeleri...