RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Maý

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar. Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri...

DOWAMY
pic
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN BSG-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy g...

DOWAMY
pic
27 Maý

JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT

Joint Statement by Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan of the European Union, Republic of Kazakhstan, Kyrgyz Republic, Republic of Tajikistan, Turkmenistan and Republic of Uzbekistan and the EU Special Representative for Central Asia following the meeting on 26 May 2023 in Ashgabat   The fourth meeting in the EU and Central Asia Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan and the EU Special Representative for Central Asia format was held on 25-26...

DOWAMY
pic
27 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “MERKEZI AZIÝA-ÝEWROPA BILELEŞIGI” FORMATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILLERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we...

DOWAMY
pic
26 Maý

Durnukly we abadan ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygy

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu Akademiýanyň ýerine ýetiriji sekretary, dekany jenap Tomas Ştelser bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar. Taraplar ugurdaş düzümlerde alnyp barylýan işlere, hereket edýän kada...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BMG-NIŇ KOMISSIÝASYNYŇ 32-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE UGURDAŞ ÇÄRESINE GATNAŞÝAR

Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasynyň çäklerinde “Özara dialogyň we köptaraplaýyn resminamalaryň jenaýatyň öňüni almakdaky ähmiýeti” atly ugurdaş çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherinde ýerleşýän edarasynyň binasynda geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylyň dowamynda geçirilen bu ugurdaş çärede UNODC-yň, UNRCCA-nyň, UNTOC konwensiýasy boýunça syn geçirmek mehanizmin...

DOWAMY
pic
24 Maý

Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet işinde halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasyna gatnaşýar. Bu sessiýanyň işi 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda başlady we 26-njy maýyna çenli dowam eder. CCPCJ-iň bu ýylky esasy mowzugy “Adyl kazyýete elýeterliligi üpjün etmek hem-de howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak maksady bilen Adyl kaztýet ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak” bolup durýa...

DOWAMY