RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

ABOUT THE MEETINGS OF THE DELEGATION OF TURKMENISTAN IN GENEVA

On April 17, 2023, the Turkmen delegation visiting Geneva held meetings with the heads of a number of international organizations. At the meeting with the Deputy Secretary General of the UN, Director General of the UN Geneva Office T.Valovaya, a wide range of issues related to the strategic partnership of Turkmenistan with the United Nations was discussed. Among them, an important place was given to consideration of problems of security, observance of the non-proliferation regime, and to the...

DOWAMY
pic
18 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BARADA

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň halkara iri çärelere gatnaşmak hem-de halkara guramalarda duşuşyklary geçirmek üçin Ženewa sapary başlandy. Şol günüň özünde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdir...

DOWAMY
pic
18 Apr

Seýsmologiýa ylmy we halkara hyzmatdaşlar

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasy (CTBTO) boýunça Taýýarlaýyş kommissiýanyň wagtlaýyn tehniki sekretariatynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda seýsmologiýa ugrunda Türkmenistanda gazanylan tejribeler, alnyp barylýan işler we ýola goýulan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada özara pikir alşyldy. Şeýle...

DOWAMY
pic
10 Apr

GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI

Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi. Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi. Häzirki w...

DOWAMY
pic
5 Apr

ZYŇYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy. 29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...

DOWAMY
pic
31 Mar

Türkmenistanyň Halkara atom energiýasy agentligi bilen saglyk ulgamynda hyzmatdaşlygy

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bilen Halkara atom energiýasy agentligiň Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa bölüminiň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar onkologiýa bilen bagly dünýä derejesinde gazanylan üstünlikler, Agentligiň bu ugurdaky ýokary hilli tejribeleri we halkara kadalary barada özara pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merke...

DOWAMY