TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA
2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...
BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREMÝERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedo...
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...
BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ERMENI DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Ermenistan Respu...