Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňel...
DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.
Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...
AŞGABATDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar.
Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...
«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI
Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/9690BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi.
Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASYNYŇ ÄHMIÝETI HAKYNA MASLAHAT
2017-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakynda maslahat geçdi.
Maslahatyň işine Mejlisiň, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ulag we ara...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA TEBIGY BETBAGYTÇYLYKLARDA WE AGYR ÝAGDAÝLARDA ADATDAN DAŞARY KOMEGIŇ GURALLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNY GURNADY
2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi.
Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI BMG-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASY BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi.
Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...