Tapylan netije sany: 2712
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndak...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň «Häzirki zaman lukmançylygynyň derwaýys meseleleri» atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň gazananlarynyň hem-de türkmen-halkynyň medeni mirasynyň tanyşdyryş sergisi guraldy.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi.
Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.
Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar....
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI IKI ÝURDUŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Baku şäheriniň Kongressler merkezinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Foruma gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň - 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklygy kabul eden ýurduň Prezidenti bitarap Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we köpta...
MOSKWADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada «Сколково» tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler.
Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklendirilen düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meselel...
TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.
Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada piki...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MALAÝZIÝANYŇ YKDYSADY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara mesel...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň barşynda Türkmenistany...