Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörüşini gurady
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen we BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda 2018-nji ýyldan bäri bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörişini gurady.
Welosipedli ýöriş Wenanyň Donauinsel seýilgähinde Awstriýada wagtlaýyn ýaşaýan we okaýan türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Welosiped – bu ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, arassa we daşky gurşawa laýyk gelýän durnukly ulag serişdesi bolup, daşky gurşawy goramaga we sagdyn durmuşy ösdürmäge ýardam edýär. Fiziki we ruhy saglygy pugtalandyrmakda hem-de ekologik howpsuzlyga ýetmekde jemgyýetiň ähli gatlaklarynda welosiped medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň goşandy inkär edip bolmajak derejededir.