Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary Awstriýa Respublikasynyň Graz tehnologiýalar uniwersitetinde tejribelik okuw saparynda

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary Awstriýa Respublikasynyň Graz tehnologiýalar uniwersitetine tejribelik okuw saparyna geldiler. Bu tejribelik okuw sapary, iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2024-nji ýylyň 11-nji martynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Tejribe saparynyň maksady — iki uniwersitetiň arasynda bilim, ylmy gözleg we tejribe alyşmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Graz tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw we ylmy-barlag laboratoriýalary, innowasion taslamalary, şeýle hem inženerçilik we tehnologiýa ugurlaryndaky täzeçil çemeleşmeleri bilen tanyşdylar.

Mugallymlar we talyplar üçin ýörite taýýarlanan okuw sapaklarynda olaryň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmagy, halkara standartlara laýyk ylmy-usulyýet tejribelerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle-de, iki uniwersitetiň arasynda geljekde geçiriljek bilelikdäki ylmy konferensiýalar, talyp we mugallym alyşmalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.

Bu tejribe sapary Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we ýaş nesliň dünýä derejesindäki tehnologiýalara erk etmegini üpjün etmekde möhüm ädimleriň biridir.