TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA OWGANYSTAN BILEN HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM EDER
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralan Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük onlaýn maslahat öz işine başlady. Dünýäniň onlarça ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan ýokary derejeli wekilleri özünde jemleýän bu maslahat 4 ýylda bir gezek geçirilýändir. Bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minis...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlaryndaky...
SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ MÖHÜM ORNY BELLENILIP GEÇILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşyk onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Döwlet we hökümet, şeýle-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşan duşuşygynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýun...
TÜRKMENISTAN ŽENEWADA GEÇIRILÝÄN OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär. Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary i...
«МIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN SERHETÝAKA SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI ULANYLMAGY ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň binasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçdirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde owgan wekiliýetine Owganystanyň Suw...
HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE BMG-NIŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýi...