TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ ÝAPON DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Täze neşir Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýapon dilini çuňňur öwrenýän jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat boldy. Tanyşdyryş dabarasyna ýurduň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, Aşgabatda ýerleşen ýokary okuw...
TÜRKMENISTAN BILEN HALKARA PUL GAZNASYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen, ikitaraplaýyn bähbitli, geljegi uly bolan taslamalar...
NOBATDAKY “MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNA TAÝÝARLYK DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyş Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýakyn günlerde geçiriljek 13-nji “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk görmek boýunça onlaýn duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle-de mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda nobatdaky Forumyň gün tertibi, şol sanda tematik sessiýalaryň mazmuny barada pikir alşyldy. T...
TÜRKMENISTANYŇ IRENA-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Garajaýew Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda S.Garajaýew Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde öz ynanç hatlyny gowşurdy. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem sebit we halkara gurluşynyň çäklerinde özara konstruktiw gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we med...
TÜRKMENISTAN WE ŞWESIÝA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINIŇ ÖSDÜRILMEGI BILEN BAGLY MESELELERE GARADYLAR
2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulg...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ SEKRETARLARYNYŇ 8-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň sekizinji duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem mejlisiň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertn...