TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Forum barada
2025-nji ýyl Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi, bu bolsa ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge bolan maksadyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanda ilkinji gezek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly IFT 2025 halkara forumy geçiriler. IFT 2025 – tejribe alyşmak, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ykdysadyýe...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa inst...
Türkmenistanyň DIM-de Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kalanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň bu agentligiň esasy maksadynyň – atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etm...
BILDIRIŞ
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV halkara Açyk internet olimpiadasy geçirilýär. Ähli ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu halkara olimpiadasy, dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylym we bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, zehinli ýaşlary kesgitlemäge, teoretiki bi...
ANNOUNCEMENT
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-dan 15-i aralygynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we ähli isleg bildirýän talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. IV Açyk Halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär. IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňl...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa syýasy geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, A...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy
2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýel...