TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty barada
2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahaty ÝB-niň wekilhanasynyň binasynda geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga uly ä...
Türkmenistan Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa» hem-de «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa» goşuldy
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa» hem-de «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa» Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky Güwänamalaryň asyl nusgalaryny Halkara Atom Energiýasy Agentligine (IAEA) gowşurmak dabarasy geçirildi. Güwänamalar IAEA-iň Baş direktory jenap Rafael Grossä bu Agentligiň Wena şäherinde ýerleşýän baş binasynda gowşuruldy we onuň çäklerinde Türkmenistan bilen IAEA-iň ara...
Türkmenistan-UNODC hyzmatdaşlyk ugurlaryny işjeňleşdirýär
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Korrupsiýa garşy iş alyp barýan hukuk goraýjy edaralaryň Global tor ulgamyna, ýagny GlobE toruna türkmen tarapynyň goşulýandygy bellenildi we onuň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi...
Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara hyzmatdaşlygy goldaýar
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy. Akademiýanyň bu köptaraplaýyn maslahatyna dünýäniň ýurtlarynyň we hyzmatdaş halkara guramalaryň dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar we onuň dowamynda IACA-nyň işi, korrupsiýanyň öňüni almak we bu babatda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işle...
Türkmenistan Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýaň agzasy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Goşulmak baradaky agzalan güwänamaň asyl nusgasy Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan depozitaria tarapa gowşuryldy. Dabara gatnaşan Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halk...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji synyna gatnaşdy. Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ WE ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda sebitleýin howpsuzlygyň, ösüşiň we durnuklylygyň iň möhüm temalary boýunça düýpli pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, şeýle hem ulag aragatnaşyklary meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşykd...