RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Iýun

KHBS üçin maglumat. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler. Iki döwletiň daşary...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler

Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler. Türkmen döwleti ýurdumyzyň gury ýer geçelgeler...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Türkmenistan Stambuldaky ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Serhet Gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy

Stambul, 19 iýun 2025 ý. – Döwlet Serhet Gullugynyň başlygyň orunbasary podpolkownik Babamyrat Ýagşymowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, 18–19 iýun aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna üstünlikli gatnaşdy. Forumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝHHG-niň we gatnaşyjy döwletleriň ýokary derejeli wekilleri serhetleriň howpsuzlyk meselelerini, sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de teb...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Notice from the Embassy of Turkmenistan in Vienna

The Embassy of Turkmenistan in Vienna hereby informs that Turkmenistan provides a 24-hour humanitarian corridor for foreign citizens arriving from Iran. To enter Turkmenistan and subsequently return to their homeland, individuals should contact the Ministry of Foreign Affairs or the Embassy of their respective country, which in turn is expected to submit an official Note Verbale to the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan or the Embassy of Turkmenistan abroad. Consular jurisdiction...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Türkmenistanyň wekiliýeti Warşawada ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň ýolbaşçylary bilen geňeşmeleri geçirdi

Warşawa, 2025-nji ýylyň 9-njy iýuny 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynda (ÝHHG BDIHR) birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu sapar adam ölçegi babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolup, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlaryna bolan ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan konstruktiw gepleşiklere ygrarlydygyny tassyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistan...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 75-nji umumy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2026-2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. ECOSOC Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň ykdysady we durmuş işini utgaşdyrmaga jogapkär esasy düzümleriň biri bolup durýar. ECOSOC durnukly ösüşiň üç ölçegini – ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynd...

DOWAMY
pic
4 Iýun

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary Awstriýa Respublikasynyň Graz tehnologiýalar uniwersitetinde tejribelik okuw saparynda

2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary Awstriýa Respublikasynyň Graz tehnologiýalar uniwersitetine tejribelik okuw saparyna geldiler. Bu tejribelik okuw sapary, iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2024-nji ýylyň 11-nji martynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Tejribe saparynyň maksady — iki uniwersitetiň arasynda bilim, ylmy gözleg we tejribe alyşmak ugurla...

DOWAMY