Tapylan netije sany: 2712
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wengriýa sapary amala aşyryldy
2024-nji ýylyň 18-nji iýunynda Budapeştde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna – Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...
Press-reliz
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Döwlet Bankynyň Müdirler Geňeşiniň Başlygy Awstriýanyň Wena şäherinde Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasy tarapyndan gurnalan üçünji ýyllyk Ösüş Forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde, 400-den gowrak delegatyň gatnaşmagynda, Halkara Ösüş üçin OPEC Gaznasynyň Prezidenti jenap Abdulhamid Alhalifa bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň we OPEC Gaznasynyň arasyndaky köp ýyll...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Iri halkara guramany...
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girm...
Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy
2024-nji ýylyň 7-nji awgustynda Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.
Dabaraly çäreler başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylar guralan sergini synladylar, ol ýerde milli sazyň owazy astynda ýur...
Türkmenistan – BMG: parahatçylygyň we döredijiligiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam edýär. Parahatçylykly ýaşaşmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişliginde hemişe konstruktiw hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär.
2025-nji ýylda bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasyny...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasy kabul edildi
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik w...
Arkadag akylly şäheriniň özboluşlylygy Koreýa Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisinde baýraklar bilen bellenildi
2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sany baýrak bilen sylaglandy.
Dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular. Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy bellärliklidir.
Türkmen tarapyna aşakdaky baýraklar: Diňe Arkadag şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky belen...
BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerin...