TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýetiniň atom energiýasy boýunça konferensiýa ýüzlenmesi
2023-nji ýylyň 25-29-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 67-nji sessiýasy geçirilýär. Bu köptaraplaýyn maslahata dünýäniň ýurtlarynyň we halkara guramalaryň 2500-den gowrak dürli derejedäki wekilleri gatnaşýarlar we onuň dowamynda atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagy, ýader materiallaryň goraglylygy, atom ylmy we tehnologiýalary hem-de olaryň degişli pudaklarda howp...
Dokma senagatyny ösdürmekde UNIDO-nyň tejribesi
Birleşen Milletleriň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) bilermenleri bilen geçirilen duşuşykda dokma senagaty ulgamynda ösen bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek, döredijilikli çemeleşmeleri ilerletmek, başarjaň öňdebaryjylyga ýetmek we dowamly alyp barmak ýaly maksatlary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda UNIDO-nyň tejribeleri we hyzmatlary, dünýä bazarlarynyň ähmiýeti hem-de adatlary we bu babatda türkmen milli önüml...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler hem dabaralar geçirilip, döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, owadan bezelen neşirler çap edilýär. Bu baýramçylyk wakalar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe žurnallar, şol sanda, şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan «Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyn...
BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. R.Meredow Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gümrük işini kämilleşdi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...