TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” DUŞUŞYGYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Daşary işler ministri çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Birinjiden, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Be...
TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY BARADA
2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrda Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen iş duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-de hyzmatdaşlygyň we Baş Assambleýanyň kararnamalaryny goldamagyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky ga...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ KOMISSARY BILEN DUŞUŞYGY
23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa - ÝB-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi. Esasy üns “Ýewropa Topary” maksatnamasynyň sebitleýin başlangyçlaryna gönükdirildi. Bu çekişmeler energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada çuň gepleşikler üçin esas döretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Sö...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ “MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI” MINISTRLER DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAGY BARADA
22-23-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Lýuksemburgda iş saparynda bolýar. Çärä «5+27» formatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri gatnaşýar. Duşuşygyň maksady sebitde özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamalary beýan etmekden, şeýle hem ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri babatynda pikir alyşmakdan ybarat. Türkmen...
Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Bu çärä Awstriýa Respublikasynyň hökümetiniň wekilleri, parlamentiniň deputatlary, daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri we Awstriýa Respublikasynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Konserdiň dowamynda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE WENANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇRILDI
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wenanyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlementiniň agzasy Omar Al-Rawi, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçiril...
AŞGABATDAKY V WENA BALYNA WENANYŇ MERINIŇ WE GUBERNATORYNYŇ GUTLAGY
Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi. Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrüle...