TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...
TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYNA ÝETMEKDÄKI IKINJI MEÝLETIN MILLI SYNYNY HÖDÜRLEDI
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ŞÄHER ULAGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Bu çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçi...
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine Ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Çehiýa Respublikasynyň Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde Çehiýa Respublikasynyň prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýa Respublikasynyň prezidenti bilen gysga wagtlyk söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hyzmatdaşlgyň...
BIRNÄÇE DIPLOMATIK WEKILHANALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÜRKMENISTANDA PENITENSIAR EDARASYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYLAR
2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň haýyşy boýunça, Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş-zähmet edarasyna nobatdaky sapar guraldy. Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň we ABŞ-nyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşigiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryna azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistan adam hukuklary baradaky Konwensiýalaryň işjeň...