Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr d...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...
TÜRKMENISTAN BILEN SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi.
Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-dipl...
Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet işinde halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasyna gatnaşýar. Bu sessiýanyň işi 2023-nji ýylyň 22-nji maýynda başlady we 26-njy maýyna çenli dowam eder.
CCPCJ-iň bu ýylky esasy mowzugy “Adyl kazyýete elýeterliligi üpjün etmek hem-de howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak maksady bilen Adyl kaztýet ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak” bolup durýa...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BMG-NIŇ KOMISSIÝASYNYŇ 32-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE UGURDAŞ ÇÄRESINE GATNAŞÝAR
Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasynyň çäklerinde “Özara dialogyň we köptaraplaýyn resminamalaryň jenaýatyň öňüni almakdaky ähmiýeti” atly ugurdaş çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherinde ýerleşýän edarasynyň binasynda geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylyň dowamynda geçirilen bu ugurdaş çärede UNODC-yň, UNRCCA-nyň, UNTOC konwensiýasy boýunça syn geçirmek mehanizmin...
Durnukly we abadan ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygy
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu Akademiýanyň ýerine ýetiriji sekretary, dekany jenap Tomas Ştelser bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar.
Taraplar ugurdaş düzümlerde alnyp barylýan işlere, hereket edýän kada...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE “MERKEZI AZIÝA-ÝEWROPA BILELEŞIGI” FORMATDA OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILLERIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/116304JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
Joint Statement
by Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan of the European Union, Republic of Kazakhstan, Kyrgyz Republic, Republic of Tajikistan, Turkmenistan and Republic of Uzbekistan and the EU Special Representative for Central Asia
following the meeting on 26 May 2023 in Ashgabat
The fourth meeting in the EU and Central Asia Special Representatives and Special Envoys for Afghanistan and the EU Special Representative for Central Asia format was held on 25-26...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN BSG-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy g...
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar.
Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri...