Tapylan netije sany: 2712
Türkmenstan bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.
Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygyň be...
Türkmen-Awstriýa syýasy maslahatlaşmalary
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda özara maslahatlaşmalar geçirildi.
Wena şäherinde geçirilen bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaraň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda syýas...
Neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara komitetiň (INCB) ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherindäki Edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary bilen INCB guramasynyň başlygy hanym Jagjit Pawadiaň arasynda duşuşyk geçdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyz bilen INCB-iň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga kanagatlanarly baha berdiler we degişli ugurlarda mundan beýläk hem birek-birek bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady.
Ir säher bilen Awstriýa Respublikasynyň çägindäki Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI
2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy.
Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşly...
Türkmenistanyň Halkara atom energiýasy agentligi bilen saglyk ulgamynda hyzmatdaşlygy
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bilen Halkara atom energiýasy agentligiň Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa bölüminiň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar onkologiýa bilen bagly dünýä derejesinde gazanylan üstünlikler, Agentligiň bu ugurdaky ýokary hilli tejribeleri we halkara kadalary barada özara pikir alyşdylar.
Şol bir wagtyň özünde täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merke...
ZYŇYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy.
29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...
TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi.
Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi.
Häzirki w...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy.
Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy.
Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...
Seýsmologiýa ylmy we halkara hyzmatdaşlar
2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasy (CTBTO) boýunça Taýýarlaýyş kommissiýanyň wagtlaýyn tehniki sekretariatynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda seýsmologiýa ugrunda Türkmenistanda gazanylan tejribeler, alnyp barylýan işler we ýola goýulan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada özara pikir alşyldy. Şeýle...